Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi

Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Antalýada geçirilen çäreleriň birinde çykyş etdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň Asyry maskatnamasynyň diňe Türkiyäniň däl, eýsem Türk dünýäsinden Balkanlara, Kawkazlardan Afrika çenli köňül geografiýasynda täsir ýetiren bütin adamzadyň umumy maskatnamasydygyny beýan etdi.

Medeniýetiň basseýni Ortaýer deňizinden alan ylhamlary bilen köňülleri biri-biri bilen birleşdirip, global derejede parahatçylyga we asudalyga öňbaşçylyk edýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ukrainadan Filippinlere, Owganystandan Somala parahatçylygy dikeltmek üçin tagalla eden, araçylyk eden biz" diýip nygtady.

Mewlüt Çawuşogly ykdysadyýet we söwda diplomatiýasy bilen telekeçiligiň öňüni açyp, Türkiyäni global energetika kartasynyň merkezine öwürendiklerini beýan etdi.

"Egeýde, Kiprde, Gündogar Ortaýer deňizinde, Liwiýada eden-etdiliklere ýol bermedik we mundan soň hem ýol bermeris diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "FETÖ-dan DAIŞ-e, PKK/ÝPG-den Aş-Şebaba çenli meýdanda göreş alyp baran, Siriýada terror koridorynyň öňüni alan bizidirs. Siriýanyň demirgazyk-gündogaryny terrordan saplap, yzyna gaýdyp barmalary üpjün eden bizdiris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi
“6 Ýylda 17 Müň Terrorçyny Täsirsiz Ýagdaýa Getirdik”
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy