Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi

Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yspartada eden çykyşynda, Türkiýäniň sebitleýin energiýa merkezine öwrülendigini belläp: "Biz global bir güýç bolmak isleýäris.Bir tarapdan özümiziň öndürýänlerimiz, beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň üstaşyr geçýän turba geçiriji liniýalar bilen, Türkiyedäki stansiýalar bilen, terminallar bilen dünýäniň dürli künjeginden tankerler bilen getirilip, häzirki wagtda Ýewropa we Balkan ýurtlaryna tebigy gaz satmaga başladyk.

Dünýäniň energiýa üpjünçiliginde esasan hem Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik.Azerbaýjan bilen birlikde, Türkmenistan bilen hem şolar ýaly görnüşde we beýleki doganlyk ýurtlar bilen" diýip habar berdi.

Türk dünýäsiniň has güýçli bolmagyny isleýändiklerini aýdan ministr Çawuşogly, hiç kim bilen bäsleşmeýändiklerini, emma Türk dünýäsiniň dünýädäki abraýynyň has uly bolmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar