68-nji belgili awtobuslaryň ugry üýtgedildi

26-njy awgustdan 68-nji Bagyr Altyn asyr gündogar bazary ugry üýtgedilip we bu ugur boýunça awtobuslaryň Bagyr belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi bilen hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap hereketini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen Altyn asyr gündogar bazaryna barýar.

Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda şeýle bildiriş ýerleşdirilipdir:

Hormatly ýolagçylar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustyndan 68-nji Bagyr-Altyn asyr gündogar bazary ugry üýtgedilip ýola goýulýandygy we bu ugur boýunça awtobuslar Bagyr belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi boýunça hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap herekedini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen Altyn asyr gündogar bazaryna barýandygy barada Siziň dykgatyňyza ýetirýäris diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

26-njy awgustdan 68-nji belgili awtobuslaryň ugry üýtgeýär
Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar
Ýaşlar ligasynda 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Ýaşlar ligasy ― 2022: 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler