TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär

TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär

Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Onuň netijesinde ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Merw” hem-de “Altyn Asyr” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu tapgyryň çäginde “Merw” “Energetigi” ýeňlişe sezewar etse (2:1), “Altyn Asyr” “Şagadamdan” üstün çykdy 2:0.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Ahal” “Aşgabady” ýeňmegi başardy 4:0.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlary toplan 9 utuklary bilen ýaryş tertibinde ýokarky orunlary eýeleýärler.

TFF-niň Kubogynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji iýunda geçiriler: “Ahal” - “Merw”, “Altyn Asyr” - “Energetik”, “Aşgabat” - “Şagadam”.

3-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Aşgabat” “Ahal” 0:4

Gollar: 48 Daýanç Meredow, 57 Döwran Hojamämmedow, 84 Adylbek Röwşenow, 88 Begenç Mämiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: Bagyr ýaşaýyş toplumynyň stadiony (Aşgabat ş.)

“Şagadam” “Altyn Asyr” 0:2

Gollar: 45+2 Söhbet Durdyýew, 90+5 Röwşen Halmämmedow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

“Energetik” “Merw” 1:2

Gollar: 47 Reşit Çerkezow (“Energetik”) 48 Musa Nurnazarow, 84 Myrat Öwezmyradow (“Merw”)

Bellik: “Merw” toparynyň oýunçysy Alibek Abdyrahmanow duşuşygyň 18-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Geçirilýän ýeri: “Babarap” stadiony (Ahal wel.)

Ýaryş tablisasy:

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ahal topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda sekizinji gezek kümüş medala mynasyp boldy
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary