7-nji aprelde Aşgabadyň käbir ýollary bölekleýin ýapylar

7-nji aprelde Aşgabadyň käbir ýollary bölekleýin ýapylar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şulary ýatladýar:

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri bilen birlikde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler.

Bu ýörişe paýtagtyň Bekrewe we Çandibil köçesiniň aýlawçasyndaky Welosiped binasyndan gündogarlygyna badalga berlip, Çandibil we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň kesişmesindäki aýlawçadan demirgazyklygyna, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli aralykda bolar. Şoňa laýyklykda, günüň birinji ýarymynda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi ýatladylýar.

Turkmenportala berlen habara görä, hereketi Arçabil, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollarynyň üsti bilen dowam etmeklik maslahat berilýär.

Hormatly sürüjiler! Awtoulaglaryňyzy ýol ýakalarda goýmaklygyň, her bir herekete gatnaşyja düýpli päsgelçilik döredýändigini ýatda saklaň, barýan ugruňyzy öňünden kesgitlemegi unutmaň! diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýurduň günorta-günbatar sebitleri, şol sanda Nohur, Garawul geňeşlikleri sil suwlaryndan ejir çekýär
Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli täze kitaplary taýýarlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň 67 ýyllygyna
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler
Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär