7-nji fewralda Azerbaýjanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjanda ýurduň Prezidenti Ilham Aliýewiň karary boýunça möhletinden öň Prezident saýlawlary geçiriler.

“7-nji dekabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew döwlet Baştutanynyň nobatdan daşary saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Merkezi saýlaw komissiýasyna fewral aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy” diýlip, döwlet Baştutanynyň web saýtyndaky beýanatda bellenilýär.

Ilham Aliýew ýene-de Respublikanyň Prezidenti wezipesine dalaş edip biler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Eýranyň Azerbaýjandaky Geňeşçi Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy
Ilham Aliýew Ermenistana duýduryş berdi