Eýranyň Azerbaýjandaky Geňeşçi Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Eýranyň Azerbaýjandaky Geňeşçi Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Azerbaýjan, Eýranyň Bakudaky Geňeşçi ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Eýranyň Bakudaky Geňeşçi ilçisi Seýit Jafer Merýan ministrlige çagyryldy.

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýiň Erdebildäki wekili Hasan Ameliň Eýranyň döwlet teleýaýlymynda eden çykyşynda Azerbaýjan we Prezident Ilham Aliýew hakynda aýdan kemsidiji sözleri sebäpli Geňeşçi ilçi Merýandan düşündiriş soraldy.

Merýana, soňky döwürde eýranyň halkyna Azerbaýjana garşy meçew berilmek islenýändigi we bu ýagdaýyň özlerini biynjalyk edýändigi aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
Ilham Aliýew Ermenistana duýduryş berdi
Hakan Fidan Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Aliýew, liža merkezinde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi