7-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň degişli okruglary boýunça saýlawlar geçiriler

7-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň degişli okruglary boýunça saýlawlar geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlary bellemek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, karar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.

Kararda Aşgabat şäheriniň 1-nji Garaşsyzlyk, 2-nji Bitaraplyk we 6-njy Köpetdag saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellemelidigi barada aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY
Indoneziýada Prezident saýlawlary geçýär
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär
“Ýeňiji Halkyň Ýeňiji Lideriniň” Saýlaw Ýeňişi Gutlanýar