78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi

Mundan 78 ýyl ozal şu gün, ýagny 1946-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Amerikanyň milli basketbol ligasy NBA-da ilkinji duşuşyk geçirildi. Şol wagtlar liganyň ady BAA bolsa-da, “Toronto Haskis” bilen “Nýu Ýork Niks” (Nikerbokers) toparlarynyň arasyndaky bu duşuşygyň NBA-nyň ilkinji duşuşygy hasaplanýar.

Torontodaky “Maple Leafs Arena”-da oýnalan bu duşuşygyna bahasy 75 sent 2,5 dollara deň bolan petekleri satyn alan 7 müň 90 janköýer tomaşa etdi.

Duşuşygyň ilkinji hüjümini “Haskis” topary geçirse-de, olaryň urgusy takyk bolmaýar. “NÝ Niks” topary ilkinji hüjüminde utuk gazanyp, Leo Gottlibiň asist etmeginde topy halkadan geçiren Ossi Şektman NBA-nyň taryhynda ilkinji geçirilen utugyň eýesi bolýar. Duşuşykda “Niks” 68:66 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Ýene degişli makalalar

Nike kompaniýasy Nike Space Jam 2 toplumyny hödürleýär
Merkezi Aziýanyň pagta mejburlygy mekdepleriň we hassahanalaryň işine päsgel berýär
Müsürde ýyldyzly asmanyň gadymy katalogynyň parçasy tapyldy
Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi