Merkezi Aziýanyň pagta mejburlygy mekdepleriň we hassahanalaryň işine päsgel berýär

Merkezi Aziýanyň pagta mejburlygy mekdepleriň we hassahanalaryň işine päsgel berýär

Hurmatoý iş günlerini medpunktda - bir gatly oba saglyk nokadynda geçirýär, ol adatça hassalara sanjym edýär, gan basyşyny barlaýar we düşekde ýatan hassalaryň öýlerine baryp görýär. Emma şu günler Täjigistanyň demirgazyk Sogd sebitindäki obanyň şepagat uýasy öz ýaşaýan ýerinden 300 töweregi kilometr uzakda işlemäge mejbur bolýar.

Adamlara ideg etmegiň ýerine, ol pagta ýygýar.

"Geçen hepde men we onlarça [döwlet pudagynyň] işgärleri pagta meýdanlarynda bir hepde geçirdik" diýip, howpsuzlyk aladalanmalary sebäpli doly adyny bermekden gorkýandygy aýdan Hurmatoý gürrüň berdi.

"Bize ýanymyz bilen düşek getirmegi tabşyrdylar we biz meýdanlaryň golaýyndaky wagtlaýyn ýatakhanada ýatdyk. Biz irdenden gün batýança işledik, günortanlyk nahary üçin diňe gysga arakesme berildi" diýip, zenan aýtdy.

Pagtaçylyk Merkezi Aziýanyň oba ykdysadyýetleriniň esasy bölegini emele getirýär. Özbegistan ýylda takmynan 1,3 million tonna hasyl ýygnaýar we dünýäde öňdebaryjy 10 önüm öndüriji ýurduň arasyna girýär, ondan soň 800 000 tonna töweregi pagta öndürýän Türkmenistan we 500000 tonna öndürýän Täjigistan barýar.

Hurmatoý şu güýzde Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň pagta meýdanlaryna çagyrylan müňlerçe saglygy goraýyş işgärleriniň, mugallymlaryň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem studentleriň biridir. Bu bolsa awgust aýynyň ahyryndan noýabr aýyna çenli dowam edýän hasyl ýygnamak möwsüminde mekdeplerde, hassahanalarda we döwlet edaralarynda işgärleriň ýetmezçiligine sebäp boldy.

Zähmetkeşleriň we adam hukuklaryny goraýan toparlaryň maglumatlaryna görä, sebitdäki häkimiýetler döwlet edaralarynyň işgärlerini işinden mahrum etmek haýbaty bilen mejbury iş güýji hökmünde ulanýarlar. Studentler bolsa, tertip-düzgüni bozmakda aýyplanmak ýa-da mekdepden çykarylmak howpy bilen gorkuzylýar.

Mümkinçiligi bolan işgärler agyr zähmetden gutulmak üçin köplenç resmilere para berýärler ýa-da öz ýerine başga birine pagta ýygdyrmak üçin pul töleýärler. Täjigistanda we Türkmenistanda pagta ýygyma gatnaşyp bilmeýänler, öz ornuna adam tutup, tölemäge mejbur edilýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar basyş astynda, şol sanda halkara sanksiýalary bilen birlikde, soňky ýyllarda bu tejribäniň azalandygyny aýdýarlar, emma Hurmatoýyň we beýlekileriň ýagdaýyndan görnüşi ýaly, tejribe dowam edýär.

Hurmatoý azygyň - ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlarynyň - pagta ýygmak üçin özlerine tölenýän töleglerden alynýandygyny aýtdy.

“Şeýlelik bilen, ahyrsoňy biz örän az mukdarda pul alýarys. Bu agyr iş. 48 ýaşymda men bu iş üçin gaty garry we meniň bilim agyrýar. Ýöne gitmesem, işimi ýitirmek howpy döreýär” diýip, täjigistanly zenan Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Häkimiýetler pagta ýygymyna gatnaşmagyň meýletindigini öňe sürýärler. Emma ýerli habarlar we Azatlyk Radiosy tarapyndan ýygnalan şaýatlyklar başgaça görkezýär.

Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatynda bilim edaralary mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna mugallymlary we okuwçylary "boş wagtlarynda" meýdanlara ibermegi tabşyrdylar.

Hatlondaky Bohtar döwlet uniwersitetiniň iki mugallymy Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda dynç günleri özlerine pagta ýygmagyň tabşyrylandygyny, bolmasa işden çykarylmak howpunyň bardygyny aýtdylar.

Özbegistanda birnäçe welaýatda mugallymlar, şepagat uýalary we ýerli resmiler ýerli häkimiýetler tarapyndan gurnalan "meýletin" pagta ýygmak çärelerine goşulmak üçin basyş edilendigini aýdýarlar.

"Mekdeplerimiziň ähli işgärleri - mugallymlar, garawullar, administratiw we tehniki işgärler - pagta ýygýarlar" diýip, günorta-günbatar Buhara sebitiniň Olot etrabyndan bir mugallym Azatlyk Radiosyna aýtdy.

2016-njy ýylda döwlet başyna geçen prezident Şawkat Mirziýoýew, Özbegistanyň pagta pudagynda mejbury we çaga zähmetini ýok etmäge wada berdi, sebäbi özbek pagtasy çaga zähmetini ulanmak sebäpli H&M, Nike we Walmart ýaly Günbatar söwda toparlary tarapyndan boýkot edildi.

2023-nji ýylda Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynda bu tejribäniň "doly ýok edilendigini" aýtdy.

Şeýle-de bolsa, şu ýyl adam hukuklaryny goraýjy toparlar we ýerli metbugat adamlaryň hamala "meýletin gatnaşmak" isleýändigini aýdýan häkimiýetleriň mejbury zähmeti täzeden güýçlendirendigini habar berýärler.

26-njy sentýabrda Mirziýoýew hasyl ýygnamak işiniň gijikmeginiň öňüni almak üçin 10 günlük "gyssagly" kampaniýa yglan etdi. Şu ýyl Özbegistan 875 000 gektar meýdana pagta ekdi we 2025-nji ýylda 3,7 million tonna çig pagta öndürmegi maksat edinýär.

Türkmenistanda ilatyň mejbury zähmete köpçülikleýin çekilmegi hökümet tarapyndan goldanýar we kampaniýanyň gerimi has giň bolýar. Häkimiýetler daýhanlar we döwlet gullukçylary bilen birlikde esgerleri, öňki sud edilenleri we hatda aliment töleglerini tölemeýänleri ekin meýdanlaryna iberdiler.

“Öňki ýyllardan tapawutlylykda, köp döwlet edaralarynyň işgärlerine indi mugt işlemek tabşyrylýar. Resmiler muny: 'Siz aýlygyňyzy döwletden alýarsyňyz' diýip düşündirýärler” diýip, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy adyny aýtmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Analitikler özgertmelere we halkara basyşyna garamazdan, Merkezi Aziýada pagta ykdysadyýetiniň gurluşynyň henizem mejburylyga baglydygyny aýdýarlar.

“Bu ýurtlarda pagta pudagy özgermän galýar” diýip, Beýik Britaniýada ýerleşýän “Central Asia Due Diligence” ylmy-barlag toparynyň direktory Alişer Ilhamow aýtdy. “Mirziýoýewiň özgertmeleri syýasydy - olar köpçülikleýin mobilizasiýany birnäçe wagtlap togtadypdy - ýöne merkezleşdirilen ulgam üýtgemedi. Hökümet önümçilik kwotalaryny we bahalaryny kesgitleýänçä, ýerli häkimiýetler adamlary öz maksatlaryna görä ulanmagyny dowam etdirerler” dýip bilermen aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar
Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep gurlar
Täjigistanda mekdepler gurmak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ilçihanasyny Duşenbe salgytlar tölemekden boşadýar