83 ýaşly ýapon gojasy Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi

83 ýaşly ýapon gojasy Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi

Ýaponiýaly deňizde ýüzüji Keniçi dünýäde Hori Ýuwaş ummany ýeke özi ýüzüp geçen iň uzak ýaşly adam boldy. Bu barada şenbede Kyodo habarlar gullugy habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Habara görä, 83 ýaşly ýapon Suntory Mermaid III kysymly alty metrlik ýeňilgämide ýurduň günbataryndaky Wakaýama we Tokusimo prefekturalaryny bölýän Kiý kanalyna baryp ýetdi. Onuň syýahaty 27-nji martda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinden badalga aldy.

Hori üçin bu uzak aralyga ilkinji syýahat däl, ol 1962-nji ýylda hem Ýuwaş ummanda ýeke özi Ýaponiýadan San-Fransisko çenli ýüzüşi amala aşyrypdy. 1996-njy ýylda bolsa Ekwadoryň kenaryndan Ýaponiýa çenli piwo bankalaryndan ýasalan “ekologik gämide” tebigy gurşawyň gorlaryny gorap saklamagyň wajypdygyna ünsi çekmek üçin syýahat edipdi.

Hori soňky gezek ýekelikdäki ýüzüşini 2008-nji ýylda Gawaý adalaryndan Kiý aýlagyna çenli amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy şäherleri
“TechWomen” maksatnamasy
Baýden Putine sögdi
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Täze aýdymlary tapyldy
5-nji ýanwarda bolan wakalar
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy