90 uçar satyn alar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Dubai Airshow 2023” atly halkara awiakosmos sergisi öz işine başlady. 17-nji noýabra çenli dowam etjek bu sergä dünýäniň köp ýurdundan awiakosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 1,4 müňden gowragy gatnaşýar.

Iki ýylda bir gezke geçirilýän çärede adaty uçarlardan başga-da dürli görnüşli uçýan enjamlar hem-de kosmos gämileri, emeli hemralar we aragatnaşyk tilsimatlary görkezilýär.Al-Maktum halkara aeroportunda geçirilýän sergide dürli ylalaşyklara hem gol çekilýär.

Sergide “SunExpress” awiakompaniýasy “Boeing”-den 90 uçar almak üçin ylalaşdy.Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy Maks Kownatski mälim etdi. “SunExpress” 45 sany “Boeing 737 MAX” uçary üçin anyk sargyt berildi.

Ylalaşyga görä, “SunExpress” galan 45 “Boeing 737 MAX” uçaryny alyp-almajakdygy belli bir wagtdan soňra mälim eder.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Kownatski 28 sany “MAX 8” hem-de 17 sany “MAX 10” uçarlaryň sargyt edilendigini aýtdy.

Gülşat Söýünowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Halkara awiasiýa sergisi
Iň uly howa menzili gurlar
04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi
Berdimuhamedow BAE-ni TOPH gurluşygyna maýa ýatyrmaga çagyrdy