Halkara awiasiýa sergisi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Dubai Airshow 2023 atly halkara awiasiýa sergisi geçirilýär. Aýyň 13-ine öz işine başlan bu halkara çäre şu gün öz işini tamamlaýar. Sergä dünýäniň köp ýurdundan awiasiýa, kosmos, syýahatçylyk ýaly ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň 1 müň 400-den gowragy gatnaşýar.

Sergä awiasiýa pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar hem gatnaşyp, uçar öndürijiler bilen şertnama baglaşýarlar.Iki ýyldan bir gezek geçirilýän çärede adaty uçarlardan başga-da dürli görnüşli uçýan enjamlar hem-de kosmos gämileri, emeli hemralar we aragatnaşyk tilsimatlary görkezilýär.

Al-Maktum halkara howa menzilinde geçirilýän sergide dürli ylalaşyklara hem gol çekilýär.Sergide SunExpress awiakompaniýasy Boeing-den jemi 90 uçar almak barada ylalaşdy.

Şeýle hem Efiopiýa howa ýollary kompaniýasy Boeing 737 Max 8 uçaryndan 20 sanysyny sargyt etdi. Kompaniýa 11 sany Boeing 787 Dreamliner uçaryny almak üçin ylalaşdy. Bu ylalaşyk amerikan kompaniýasynyň Afrikadaky iň gymmat şertnamasy boldy.

Muratjan JORAKULYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

90 uçar satyn alar
Iň uly howa menzili gurlar
04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi
Berdimuhamedow BAE-ni TOPH gurluşygyna maýa ýatyrmaga çagyrdy