9090 bölekli LEGO täze rekordyň eýesi boldy

9090 bölekli LEGO täze rekordyň eýesi boldy

Adybir oýunjaklar toplumyny öndürýän Lego kompaniýasy uly ýaşlylar üçin täze oýunjaklar toplum hödürleýär. HMS Titanic atly bu toplum 9090 bölekden ybarat bolup, ol hakyky Titanikden 200 esse kiçidir.

Mundan ozal Lego Colosseum atly toplum 9036 bölekden ybarat bolup, ol henize çenli iň ulusy hasaplanylýardy.

HMS Titanic-iň ýygnalan uzynlygy 137 santimetre ýeter. Şeýlelikde, ol meşhur Lego Imperial Star Destroyer-den hem 13 santimetr uzyn bolar.

Lego HMS Titanic toplumy 8-nji noýabrda 630 dollara satuwa çykarylar diýip techcult.ru habar berýär.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Titanik-den galan ýyldyz
Älemgoşar barada geň-enaýy maglumatlar
Dünýäniň İň Uly Ýahtasy Bodruma Geldi
Urwerk manufakturasy kosmos gämi şekilindäki sagadyny tanyşdyrdy
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler