Abadan ýurdumyza buýsanç

Abadan ýurdumyza buýsanç

Düýn Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan sergide ýurdumyzyň suratkeşleriniň 70-e golaýynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça döreden eserleriniň 100-den gowragy görkezilýär.

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjowyň Gudratly daglar, Söýgi gudraty, Kamil Weliahmedowyň Duzly depe, Manyş obasy ýaly eserleri hem bar. Şulardan görnüşi ýaly, sergidäki eserleriň aglabasynda Diýarymyzyň tebigatynyň gözellikleri ussatlyk bilen beýan edilýär. Şol gözellikler, elbetde, ýurdumyzyň parahatlygy, asuda we bagtyýar durmuşymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gahryman Goçmyradowyň Güller we narlar, Myratmergen Kulyýewiň Asuda asman, Sadap Gurbanowanyň HalkyňArkadagly zamanasy atly nakgaşçylyk eserlerinde, heýkeltaraş Amanmuhammet Hydyrowyň Arkadag, Maýsa Ataýewanyň Bugdaý nagşy ýaly keramika eserlerinde, zergärler Atamyrat Hommadowyň, Allaýar Batyrowyň ýasan milli şaý-sep toplumlarynda munuň şeýledigini ýakyndan synlamak bolýar.

Berkarar Watanymyza söýgi, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç bu ýerde görkezilýän eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Aýjemal OMAROWA

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Aşgabatda nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň sergisi açyldy
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLYNDA ÝAŞ ZEHINLERIŇ JOŞGUNY