Aşgabatda türkmenistanly we eýranly zenan suratkeşleriň sergisi açyldy

Aşgabatda türkmenistanly we eýranly zenan suratkeşleriň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň we Türkmenistanyň zenan suratkeşleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary özleriniň eserlerini hödürlediler diýip, Turkmenportalyň habarçysy habar berdi.

Sergide eýranly zenan suratkeşlerden Zeýnab Şahiniň, Amini Minonyň, Roghaýeh Setarnejadyň we beýlekileriň eserleri görkezilişe çykaryldy. Türkmenistanly zenan suratkeşlerden bolsa Gunça Goçmyradowa, Şirinjemal Rejepowa, Aýjemal Çaryýewa, Gülara Babaýewa dagy sergide öz eserleri bilen gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçysy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow dagy gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmenistanly hem-de eýranly suratkeşler ýaş kärdeşleri we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler.

Ertir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň jemgyýetiň durmuşynda tutýan ornuna bagyşlanan maslahat geçiriler. Oňa iki ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan wekilleri gatnaşarlar.

Myhmanlar üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda duşuşyklar we Aşgabadyň töweregine gezelençler guralar.

Ýene degişli makalalar

Abadan ýurdumyza buýsanç
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi
Türkmenistanyň 11 ýokary okuw jaýlarynyň talyplary mehanika ugrundan iň güýçli diýen ady almak üçin bäsleşdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda