Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet we sungat kalbyň çyragy, sarpaň belent Magtymguly Pyragy!
atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy.Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Çarymyrat Ýazmyradowyň Dananyň ruhy, Maýsa Amangylyjowanyň Nury Halmämmedow, Aýgytly ädim, Ylahy zehin, Muhammet Ýollyýewiň Gaşy ýaý, Gülälek Babakulowanyň Gurjaklar toplumy, Gahryman Goçmyradowyň Duşuşyk, Gunça Goçmyradowanyň Gök alma, Maral Annanurowanyň Pyragynyň ýüz älemi, Meniň dünýäm, Polat Garryýewiň Kalbyň çyragy, Syrly gije, Rahman Umarowyň Gözel Şirgazy ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisi çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp baý mazmunda ýerine ýetirilipdir.Taryhyň dürli döwürlerinde medeniýet halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir.Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň baý medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Medeniýet türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.Sergä hödürlenen sungat eserleriniň aglabasynda halkymyzyň medeniýeti, ruhy, däp-dessurlary açylyp çeperçilik akymlarynyň täsirleri beýan edilýär.
Aýratyn tapawutlanan gymmatbahaly daşlardan ýerine ýetirilen zenan şaý-sepleri we sowgatlyk önümleri bilen giň halk köpçüliginiň ünsüni özüne çeken zergär Artýom Balýanyň işleri bellenmäge mynasypdyr.Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär.
Sungatyň eçilýän egsilmez ylhamyndan, asuda we parahat durmuşyň ruhundan joşgun alýan türkmen suratkeşleri şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde hyjuwly zähmet çekýärler.Sungatda bu baýram açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper beýan edilýär.
Sergi öz işini 10 gün dowam eder.
