Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy

Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide 100-e golaý nakgaş, grafika, heýkel, şeýle-de amaly-haşam eserleri görkezildi.Olaryň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Rejepmuhammet Muhammedowyň Geçmişde, Baýram Mämiýewiň Eserdeň alabaý, Ýazgeldi Jumagulyýewiň Iň wepaly ýoldaş, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýewiň Tazylar, Gunça Goçmyradowanyň Kök uran dostluk, Hezretguly Annageldiýewiň Keramika toplumy we talyplar Mahym Atakowanyň Çagalyk dostlarym, Parahat Ilbaýewiň Wepaly dostlar atly ajaýyp eserleri bar. Şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi öz işini 10 gün dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly zenanlary
Döredilen wagty - 2020. Şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy