Döredilen wagty - 2020. Şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi

Döredilen wagty - 2020. Şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda fakultetleriň ählisiniň talyplarynyň döredijilik işleriniň hasabat sergisi açyldy. 2016-njy ýylda başlanan by çäre her ýyl dekabr aýynda geçirilýär. Ýaş nakgaşlar bu gün 2020-nji ýylda döreden žiwopis we amaly-haşam sungaty işleriniň 300-den gowragyny tomaşaçylara hödürlediler.

1-nji ýyl talyby Gyzylgül Hudaýberdiýewa Bitaraplygyň waspy atly suratyny özboluşly çekipdir onda gözleri gülüp duran gyzjagaz, belki, Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan saz çalýar. Onuň diňleýjileri bedew bilen kepderi sazandanyň keýpiçaglygyna şärik, Köpetdagyň gül-gülzar etegi bolsa onuň üçin konsert zaly bolup hyzmat edýär. Awtor tomaşaçylaryň ünsüni öz işine jemlemegiň, gahrymanlarynyň ýagdaýyny çeper beýan etmegiň hötdesinden gelipdir.

Tawus Mämmedowa Bitaraplyk baýramyny Küştdepdi tansy arkaly beýan edipdir. Özi-de gyzyl-al geýnen tansçy gyzlar bu joşgunly tansy sirk arenasynda çapyp barýan atlylaryň arasynda ýerine ýetirýärler. Tawus sirk artistleriniň we tansçy gyzlaryň hereketleriniň sazlaşygyny görkezmegi gazanypdyr.

Bägül Artykowa Bilim alýarys atly suratynda dünýädaki häzirki çylşyrymly ýagdaýy beýan edipdir.Onuň gahrymanlary sapak berýän mugallym-da, talyplar-da agyz-burun örtükli.Elbetde, dünýä wagty gelende, bu ýaramaz wirusy ýeňer, onsoň pandemiýadan diňe ýatlamalar galar. Şondan belli bir wagt geçen soň weli olaryň näme üçin okuw otagynda örtükli oturandyklary düşnüksiz bolar.

Onsoň şol döwrüň tomaşaçylaryna bir döwürler bolan ýagdaýda örtügiň adamzady halas edenligini düşündirerler.Häzirlikçe bolsa, biz Bägüliň üýtgeşik garaýşyny belleýäris.

Ogulsuraý Rozygulowa hasabat sergisine bir däl, birnäçe işini hödürläpdir.Ogulsuraý portretçi, özem gowy portretçi nakgaş.Muňa göz ýetirmek üçin onuň işlerini görmek ýeterlik.Onuň suratlarynyň gahrymanlary tanymal sazandalar, aýdymçylar, artistler...

Ogulsuraý diňe bir tanymal adamlaryň meňzeşligini gazanman, eýsem suratda olaryň keşbini, häsiýetlerini hem bermegi başarýar.Mysal üçin, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen ýurdumyzyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow çykyşdan öňki soňky taýýarlyk wagty şekillendiripdir.

Sazyň haýsydyr bir kijiçik bölegi çalynýar, artistleriň iksiem çykyş lybasynda.

Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewi baý hyýallar dünýäsine berlen, dykgatly, agras keşpde çekipdir. Ogulsuraý tanymal adamlary, hamala, çagalykdan tanaýan ýaly şekillendirýär. Onuň işleri bu ugurda has zehinli ýaş nakgaşyň döränligine şaýatlyk edýär. Şunda Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramow ýada düşýär. Ogulsuraýam edil ussat nakgaş ýaly uly derejelere ýeter diýip umyt bildirýäris.

Birinji ýyl talyby Mahym Atakowa-da edil Ogulsuraý Rozygulowa ýaly sergä öz işleriniň birnäçesini getiripdir.Onuň öz tilsimi we halaýan reňkleri mele reňkleri agdyklyk edýän dürli reňkler peýda boldy.

Mahymyň işleriniň temasy giň: ol giçki güýzem, güýz gül çemenlerinem, oba mellegindäki daýzanam .. özboluşly çekipdir.Suratlaryň biri degişme häsiýetli çekilipdir. Üç gyz ussahanada, olar Mahymyň bile okaýan joralary bolsa gerek, bir salym eskizlerini taşlaşdyryp, bir-birine gysmyljyraşyp, kompýuterde görkezilýän filmden gözüni aýryp bilmän otyrlar.

Surat Hindi filmi diýlip atlandyrylýar.

Aýnabat Jumamyradowa öz işinde üýtgeşik ýordum teklip edipdir: obanyň çetinde, awtobus duralgasynyň golaýyndaky tut agajy oba ilaty üçin maglumatlar merkezi bolup hyzmat edýär onda reproduktor, ýol görkezijileri, bildirişler, mahabatlar bar. Tut agajy hat-da, günorta uçup barýan durnalara hem bu obada çelgi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem oňa Durnalar diýip at beripdir.

Belki, Aýnabat degişme aheňli surat çekmäge çeperligi bilen her ýyl 1-nji aprelde Şekillendiriş sungaty muzeýinde degişme häsiýetli suratlaryny görkezýän Atajan Aşyrowyň döredijilik ýoluny dowam eder.

Näme üçin sergidäki işlere syn edenimizde talyp gyzlaryň suratlary has ýürege ýakyn bolduka?

-Dogrudanam, çeperçilik akademiýasynda zehinli gyzlar köp diýip bu sowala sungaty öwreniji Gunça Gurbangeldiýewa jogap berýär. Şonuň üçinem öňki hasabat sergilerinden tapawutlylykda häzirkide taryhy temalar az, söweş sahnalary ýok, ol resmi häsiýetli däl.

Heýkeltaraşlyk işlerinden Merdan Babajanowyň Parahat durmuşyň miweleri atly allegorik işini bellemek gerek, onda awtor ýigit bilen äpet öküziň darkaşygyny şekillendirilýär. Adam bilen öküz bir-birinden üstün çykjak bolup dyrjaşýarlar. Gujurly öküz, durmuşyň nyşany bolsa gerek, onda üstünlik gazanmak üçin bolsa, jan etmeli. Merdanyň heýkeli munuň aňsat däldigini görkezýär.

Salyh Saparmämmedow Buz üstündäki tans atly işinde buzda taýýan gyzjagazy şekillendiripdir. Gyzjagaz, hakykatdanam, buz üstünde gaýyp ýören ýaly, onuň erkinligi we ýaýylan gollary gyzjagazyň tans etmekden lezzet alýandygyny görkezýär.

Biziň agzap geçen işerimiz talyplaryň baý tilsimleri bilen göreni özüne çekýän we häzirki döwrüň gazananlaryny görkezýän dürli žanrlardaky işleriniň ujypsyz bir bölegi. Sergä gelenleriň her biri özi üçin üýtgeşik, gaýtalanmaz bir zat tapar we ajaýyp gözellikden lezzet alar.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy