Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, BMG-na, Ysraýyň esasan Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyn berýän haabryna görä, Prezident Abbas, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gaza sektoryna ynsanperwer we lukmançylyk enjamlary kömeginiň ýetirilmeginiň möhümdigini nygtan Abbas, Gazada adamzat pajygasynyň öňüniň alynmagy üçin BMG-nyň gyssagly işe girişmelidigini belledi.

Abbas, sebitde başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagynyň ýeke-täk ýolunyň Ysraýylyň, paýtagty İýerusalim bolan Palestina döwletiniň topraklaryndaky basyp alyşlygyny bes etmegi bilen gazanyljak syýasy çözgütden geçýändigini nygtady.

Guterreş hem BMG-nyň, Gazanyň halkyna gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegi we dowam edýän dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Palestinanyň Prezidenti Abbas, Saud Arabystanynyň mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman, Iordan şaşy Abdullah II, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi we Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen Ysraýylyň guraýan hüjümleriniň bes edilmegi barada pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Abbas, BMG-nyň Edýän Tagallalarynyň Güýçlendirilmegini Isledi
Palestinanyň Prezidenti Abbas Müsüre Bardy
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.10.2023
Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy