Abdul-Aziz Abdulwahabow Hakran Diazy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady

Abdul-Aziz Abdulwahabow Hakran Diazy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady

Moskwada garyşyk söweş sungaty boýunça ACA 131 ýaryşy geçirildi, onuň esasy duşuşygynda ýeňil agramda guramanyň çempiony russiýaly Abdul-Aziz Abdulwahabow braziliýaly Hakran Diazdan üstün çykdy.

Söweş çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ilkinji raundda Abdulwahabow işjeňlik görkezen bolsa, soňkularda Diaz çempiony burça gabap, birneme aljyratmagy başardy. Jemleýji raund hakyky söweşe meňzedi - iki tarap hem gezekli-gezegine urgy geçirdiler. Netijede, söweş doly bäş tapgyrlap dowam etdi. Eminleriň karary 48-47 (üç gezek) Abdulwahabowyň we 48-47 (iki gezek) Diazyň peýdasyna boldy.

Abdul-Aziz Abdulwahabow eminleriň garyşyk karary bilen Hakran Diazdan üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Kubany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Ýaňadandan Goşdy
Braziliýa Kopa Amerikada ýaryşdan çykdy
Kubanyň Prezidenti Eýrana Bardy
Portugaliýanyň iň superi “Porto”
Bijeler 3-nji dekabrda çekiler
Çempionlar ligasynyň üçünji aýlawynyň iň owadan goly yglan edildi
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi