Abdullahiýan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Abdullahiýan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Abdullahiýan rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Abdullahiýan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin geçirilýän gepleşiklere kanagatlanma bildirýändiklerini nygtap, Eýranyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýändigini belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bolsa, Eýranyň Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyny baglaşmagyna kanagatlanma bildirdi we şertnamanyň Eýranyň, Russiýa we Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigine agza ýurtlar bilen arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtlanmagy taýdan möhümdigine ünsi çekdi.

Lawrow, ýurdunyň Eýranyň territorial bitewiligine şertsiz goldaw berýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi
Hakan Fidan Eýranda Saparda Boldy
Lawrow Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Abdullahiýan Lawrow Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary
Eýranyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary başlandy