Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ministrlerden we işewürlerden ybarat uly topar bilen 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkiýede saparda boldy.Ankara-Tähran gatnaşyklarynyň bäsleşik-hyzmatdaşlyk esasynda dowam edýän we sebitara meseleleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän günlerinde guralan bu sapar, iki ýurduň özara kynçylyklary gepleşik arkaly çözmek isleýändiklerini açyk aýdyň görkezýär.

Ebrahim Raisiniň aslynda 2023-nji ýylyň başynda Türkiýä sapar gurajakdygy habar berlipdi.Emma bu sapar azyndan 3 gezek yza süýşürildi.Soňky gezek Eýranyň Kirman welaýatynda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Raisiniň sapary yza süýşürildi.

Emma şol saparyň yzy ýanyndan Raisiniň Ankara gelmegi, Eýranyň Türkiýä guraljak bu sapara uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň direktory Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Elbetde iki ýurduň arasynda käbir ugurlarda garaýyş tapawudynyň bardygyna garamazdan Türkiýe bilen Eýranyň birnäçe ugur boýunça özara bähbide laýyklykda hereket edýändigini bilýäris. Şuňa meňzeş saparlar mümkin boldugyça umumy garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýokarlandyrylmagy, garaýyş tapawutlylygyny azaltmagy maksat edinýär.

Saparyň öňüsyrasynda Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerininde berlen Türkiýe hakyndaky tankydy bellikleri deňagramly ýagdaýa getirmek üçin döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdesinde oňyn analizlere ýer berilmegi, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň Türkiýede çap edilýän gazetleriň birinde oňyn analiz makalasynyň çap edilmegi Eýranyň Prezidenti Raisiniň Ankara saparyna uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Saparyň çäginde Türkiýe-Eýran Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahaty geçirildi. Saparyň özara ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi taýdan hem diýseň möhümdigi aýdylyp bilner. Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde esasan özara söwda mukdarynyň artdyrylmagy, energetika, gümrük düzgüni we maýa goýum mümkinçilikleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň arasynda geçirlen duşuşyklara Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň we Merkezi bankyň başlygy Hafize Gaýe Erkanyň hem gatnaşmagy gepleşikleriň diýseň möhümdigini görkezýär.

Saparyň çäginde sebitara meseleleriň, Günorta Kawkazda, Palestinada, Siriýada, Yrakda, Ýemende we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalaryň hem seljerlendigi görülýär. Duşuşyklara Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, İçeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy İbrahim Kalynyň gatnaşmagy sebitara syýasat we howpsuzlyk ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny görkezýär.

Saparyň gün tertibinde iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan, iki ýurt taýdan hem howply bolan terror meselesi esasy orun eýeledi. Prezident R. T. Erdogan “Eýran bilen PKK/PÝD/ÝPG we PŽAK ýaly terror guramalaryna garşy özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Eýranyň Prezidenti Raisi hem daşary ýurtlylaryň terrora goldaw berýändigini we terror guramasyndan peýdalanýandygyny belledi. Bu meselede sebit ýurtlarynyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini ýatladyldy.

Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen 10 şetnama baglaşyldy. Söwda, ulaglar, medeniýet, sungat, tehnalogiýa, howpsuzlyk we energetika ýaly ugurlary öz içine alýan bu şertnamalara taraplaryň degişli guramalarynyň ýolbaşçylary gol goýdy. Özara söwda mukdarynyň 30 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigi ýene-de bir gezek nygtaldy.

Goňşy ýurt Eýranyň Prezidenti Raisi “Biz uzak ýyllardan bäri Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris we şol gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak isleýäris” diýmek bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine goldaw berýändiklerini beýan etdi.

Prezident R. T. Erdogan hem “Goňşymyz Eýran bilen edýän gatnaşyklarymyzyň özara bähbide we ynama laýyklykda has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris” diýip belledi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň saparynyň içgin geçendigi görülýär. Sebitiň diýseň agyr günleri başdan geçirýän döwründe guralan saparyň çäginde durnuklylygyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ähmiýetine üns çekilmegi iki döwletiň jogapkärçilikli hereket edýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan eýranly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar