Prezident Erdogan eýranly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan eýranly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi bilen geçiren duşuşygy bilen baglanşykly: "Ýurtlarymyzyň we sebitimiziň howpsuzlygyny nyşana alan terror guramalary PKK/PÝD/ÝPG we PJAK-a garşy hyzmatdaşlygymyzyň has hem berkidilmeginiň ähmiýetiniň üstünde durup geçdik" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan resmi sapar bilen paýtagt Ankara şäherine gelen eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi bilen geçiren duşuşyklaryndan soň gurnalan umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

"Goňşymyz Eýran bilen gatnaşyklarymyzy özara ynam we umumy bähbitler esasynda çuňlaşdyrmaga ähmiýet berýäris" diýen Prezident Erdogan: "Ýurtlarymyzyň we sebitimiziň howpsuzlygyny nyşana alan terror guramalary PKK/PÝD/ÝPG we PJAK-a garşy hyzmatdaşlygymyzyň has hem berkidilmeginiň ähmiýetiniň üstünde durup geçdik.

Kirmanda 3-nji ýanwarda başdan geçirilen terrorçylykly hüjümi ýazgarýaryn.Türkiyäniň terrora garşy göreşde Eýranyň ýanyndadygyny aýtmak isleýärin" diýip habar berdi.

7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Ysraýylyň Gaza garşy adamkärçiliksiz hüjümleriniň bes edilmegi, adalatly we dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bagly gaýragoýulmasyz ädimleriň edilmeginiň zerurlygyny ele aldyk. Sebitimiziň howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp saljak ädimlerden gaça durmagyň ähmiýeti barada ylalaşdyk" diýip beýan etdi.

Erdogan we Raisi ondan soň bolsa Türkiye-Eýran işewürler forumyna gatnaşdylar.

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda bolsa: "Iki sebitleýin güýç bolan Türkiye we Eýran galkynyş we durnuklylyk üçin hyzmatdaşlygyny ösdürmelidirler.Eýran bilen 30 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmekde tutanýerlidiris.

Embargolar sebäpli goňşymyz Eýran bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy bes etmedik, mundan soň hem bes etmeris.Eýran bilen täze gümrük geçelgesiniň açylmagy gün tertibimizdedir.Serhetýaka welaýatlarymyzyň ykdysady galkynyşyny artdyrmak bilen bagly serhet söwda merkezleriniň üstünde işlemäge dowam edýäris" diýip mälim etdi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkiye-Eýran Ýokary derejeli Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyndan soň, taraplaryň arasynda 10 ylalaşyş şertnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy