Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär

Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, operasiýalarda soňky bir hepdede 54, 1-nji ýanwardan bäri bolsa 360-y Yragyň demirgazygynda, 442-si Siriýanyň demirgazygynda bolmak bilen jemi 802 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Tutanýerli operasiýalaryň netijesinde Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan PKK-a agza ýene-de 2 terrorçynyň 21-nji aprelde Haburdaky serhet birikmesine boýun egendigi aýan edildi.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yrak döwletine guran sapary terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk ugurlaryny tizleşdirdi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligindäki habar çeşmeleri Yrak bilen "Bilelikdäki howpsuzlyk utgaşdyryş merkeziniň" düzümleriniň kesgitlenmegi bilen bagly gepleşikleriň dowam edýändigini habar berýärler.

Türkiye Yraga serhet howpsuzlyk ugurlary bilen bagly goldaw berer.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny