Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan terrorizme garşy göreşde egilşik edilmejekdigini aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yrakdaky we Siriýadaky operasiýalaryň netijesinde manýowr giňişligi çäklenen terror guramasy PKK agyr zarbanyň uruljakdygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Çagalarymyzyň terrorsyz ýaşamaklary üçin ähli degişli çäreleri görmekden çetde durmarys” diýdi.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Hamasyň ylalaşygy kabul etmegi kanagatlandyryjy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Hamasyň hüjümleri bes etmek hakyndaky kararyna kanagatlanma bildirýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Ysraýylyň hem şeýle başlangyjy etmelidigini nygtan Erdogan: “Günbatarly ýurtlaryň ählisini Ysraýylyň hökümetine gysyş etmäge çagyrýaryn” diýdi.

“Star” gazeti “Türk goşuny model” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň türk goşunynyň beýleki ýurtlara model bolup durýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Ministr Güler: “Goldaýan doganlyk ýurtlarymyz Türkiýä meňzeş ýaragly güýçler düzümini döretmegimizi isleýärler” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň awtoulag ekporty aprel aýynda artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag senagatynyň aprel aýyndaky eksportunyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2,1 göterim ýokarlap, 2,7 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň eksportunda birinji ornu elden bermeýän awtoulag pudagy, eksort boýunça 16,8 göterimlik paýa eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny