Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: PKK Yrak üçin hem howp" söz başyly habarynda, terrora garşy göreşi Yrak bilen bilelikde amala aşyrmak isleýändiklerini aýdan Prezident Erdoganyň: "PKK/PÝD/ÝPG terror guramasy Yragyň hem durnuklylygyna, galkynyşyna, asudalygyna bir howpdur. Bu howpuň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: "Erdoganyň 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan gününiň 104-nji ýyly we 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap edendigini mälim edýär.

Prezident Erdogan: "Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylmagynyň 104-nji ýyly we gözümiziň nury çagalarymyzyň 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramyny gutlaýaryn.Geljegimiziň kepili bolan çagalarymyzyň her gününiň baýram ýaly geçmegini dileýärin.

Watan gazedi: "23-nji aprel ýurduň ähli ýerinde uly şüweleň bilen bellenilip geçildi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan gününiň 104-nji ýyly we 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy ýurduň ähli ýerinde uly şüweleň bilen bellenilip geçilendigini beýan edýär. Çagalar 23-nji aprel bilen bagly geçirilen çärelerde gowy wagt geçirdiler. Ýurduň ähli ýerinde geçirilen çärelerde resmiler öz wezipelerini bir günlügine çagalara gowşurdylar, şäherler baýdaklar bilen bezeldi we howa şarlary uçuryldy.

Ýeni Şafak gazedi: Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşekiň ABŞ guran sapary barada Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy TRT beýanat berendigini aýan edýär. Mehmet Şimşek: "Ähli maslahatlarda Türkiyäniň ykdysady programmasyna bolan ynamyň güýçlidigini ýene-de bir gezek gördük" diýip belledi.

Star gazedi: "Awiasiýa pudagynda Türkiye Ýewropada agdyklyk edýär" söz başyly habarynda, Türkiyäniň awiasiýa infrastrukturasy bilen bagly maýa goýumlarynyň bir netijesi hökmünde Stambul howa menziliniň, Ýewropanyň iň köp uçuş amala aşyrylan howa menzili bolandygyny habar berýär. Stambul howa menzilinde 2023-nji ýylda gündelik ortaça görkezijisi 2022-nji ýyla garanyňda 19 göterim artyp, 1375 uçar sanyna ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp internet saýty açyldy
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun