TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär

Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherindäki Millet parkynda geçirilen çärede dünýäniň 29 ýurdundan çagalar, ankaraly çagalar bilen duşuşdylar.

Çäre myhman ýurtlaryň baýdaklary, Türkiyäniň baýdagy we Beýik Öňbaşçy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň portredini daşaýan çagalaryň ýörişi bilen başlady.

Milli tanslaryny ýerine ýetiren çagalar, meýdançadaky tomaşaçylaryň hormatyna eýe boldular.

Çärede çykyş eden TRT-niň baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy bu baýramy 1979-njy ýyldan bäri öz ruhuna laýyk görnüşde TRT Halkara Çagalar Festiwalynyň ady bilen belleýändiklerini habar berdi.

Bu tapgyrda dünýä çagalarynyň arasynda söýgini, parahatçylygy we dostlugy ösdürmek üçin köp tagalla edendiklerini aýdan Sobajy: Şol bir wagtyň özünde, festiwalymyz Türkiyäni tanatmaga uly goşant goşýar.Has möhümi bolsa, dünýä çagalarynyň aňynda we ýüreginde türk medeniýetiniň we myhmansöýerligiň döredilmegine araçylyk edýär.

Häzirki wagta çenli 45 çagalar festiwalyny geçirdik. 45 ýylda bu festiwallara 125 ýurtdan 30 müňden gowrak çaga, ýolbaşçy we metbugat agzasy gatnaşdy.Bu ýyl 46-njy gezek gurnalan festiwalymyzyň şygaryny Dünýäniň çagalary parahatçylyk üçin jebisleşiň diýip kesgitledik" diýip habar berdi.

Sobajy bu festiwala 29 ýurtdan 500 çaganyň gatnaşýandygyny, Palestinanyň çagyrylmagynyň hem bu şüweleňi has manyly ýagdaýa getirendigine ünsleri çekip: "Esasanam onuň şygaryny göz öňünde tutanymyzda, Palestinany hormatly myhman hökmünde çagyrmagymyz örän manyly. Aslyna garanyňda, dünýäniň her bir çagasy bu şüweleňiň şatlygyny her gün başyndan geçirsin. Emma bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda Palestinada beýle ýagdaý ýok" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp internet saýty açyldy
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi
Suwuň güýji “Yşyk” berýär