Suwuň güýji “Yşyk” berýär

Suwuň güýji “Yşyk” berýär

Bir derýanyň kenarynda oturan mahalyňyz, ýanyňyzdan akyp geçýän suwuň öýüňizi nädip ýagtylandyrýandygyny ýa-da täze nesil elektrik tokda işleýän ulagyňyzy nädip energiýa bilen üpjün edýändigini bilýäňizmi?

Eziz Ildeşler. TRT TSR-da ýalyma berilýän Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Suwuň energiýanyň önümçiligindäki ähmiýetiniň we Türkiyäniň suw potensialyny goramak üçin durmuşa geçirýän taslamalaryň üstünde durup geçmek isleýäris.

Türkiyäniň umumy elektrik energiýasynyň üçden bir bölegini 32 müň 400 megawat bilen gidroelektrik desgalary üpjün edýär.

Ýerli, täzelenip bilinýän we arassa elektrik tok öndürmek usuly hökmünde öň hatara çykýan gidroelektrik desgalary elektrik tok önümçiliginde hiç hili galyndy madda we uglerod zyňyndylaryna sebäp bolmaýar we Türkiýäniň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga uly goşant goşýar.

2002-nji ýyldan bäri aralarynda Ýusufeli bendi we gidroelektrik desgasy, Ylysu bendi we gidroelektrik desgasy, Deriner bendi we gidroelektrik desgasy, Ermenek bendi we gidroelektrik desgasy ýaly dünýä derejesinde möhüm taslamalar bolan jemi 624 gidroelektrik desgasy açylyp, ulanylmaga berildi.

22 ýyl ozal 45 milliard kilowatt sagady derejesinde bolan ýyllyk gidroelektrik önümçilik göwrümi takmynan 112 milliard kilowatt sagada çenli artdyryldy.

Türkiyäniň umumy elektrik energiýasynyň üçden bir bölegini 32 müň 400 megawat bilen gidroelektrik desgalary üpjün edýär. Şeýlelik bilen, Türkiyedäki her üç çyranyň biri gidroelektrik desgalarynyň energiýasyny ulanýar.

Bu ýerdäki maksat çeşmelerden has netijeli peýdalanmak we “energiýa taýdan doly garaşsyz Türkiyäni” geljek nesillere goýup gitmek hökmünde kesgitlendi.

Ýusufeli bendi we gidroelektrik desgasy 275 metrlik beýikligi bilen Türkiyäniň iň beýik, dünýäniň öz kategoriýasynda iň beýik 5-nji bendi adyna eýedir. Bu taslama ýyllyk ortaça 1,9 milliard kilowatt sagat elektrik tok önümçiligi göwrümi bilen Antalýa ululygyndaky bir şäheriň ilatyna gabat gelýän 2,5 million adamyň elektrik tok zerurlygyny üpjün edip bilýär.

Ylysu bendi we gidroelektrik desgasy gurnalan kuwwaty nukdaýnazaryndan Atatürk, Karakaýa we Keban bentlerinden soň Türkiyäniň iň uly 4-nji desgasydyr, doldurmak göwrümi nukdaýnazaryndan bolsa 2-nji iň uly suw bendi adyna eýedir.

Binýadyndan 135 metr beýiklige, 24 million kub metr doldurma göwrümine we 2 müň 327 metr uzynlygyna eýe bolan Ylysu bendi, "beton ýüzli gaýa doldurma bent" görnüşinde doldurmagyň göwrümi, taslamanyň uzynlygy we beton üst meýdany boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda ilkinji elektrik tok önümçiligini amala aşyran, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda doly kuwwatlykly işlemäge başlan desga, şu günki güne çenli 8 milliard kilowatt sagat elektrik tok önümçiligi bilen ýurduň ykdysadyýetine takmynan 23 milliard lira goşant goşdy.

Deriner bendi we gidroelektrik desgasy bolsa 249 metr beýikligi bilen Ýusufeli taslamasyndan soň Türkiyäniň iň beýik 2-nji bendi bolmak bilen, 670 kilowatt sagat güýji bilen ýyllyk ortaça 2 milliard 118 million kilowatt sagat elektrik tok öndürip bilýär.

Gidroelektrik energiýasynda global gurnalan güýç reýtinginde Türkiye 32 gigawatt (GW) bilen dünýäde 9-njy we Ýewropada 2-nji orunda durýan bolsa, Hytaý 415 müň megawatt bilen 1-nji orunda, Braziliýa 110 müň megawatt bilen 2-nji orunda we ABŞ 102 müň megawatt bilen 3-nji orunda durýar.

Türkiyäniň bent bilen bagly maýa goýumlary elektrik öndürmek meselesinde möhüm ähmiýete eýe, ýöne bu bent gurluşygynyň ähmiýetiniň ýeke-täk sebäbi däl.

Adam başyna düşýän suwuň mukdary göz öňünde tutulanda, Türkiye suw stresinden ejir çekýän ýurt kabul edilýär. Çaklamalara görä, häzirki wagtda Türkiyede adam başyna düşýän suwuň mukdary 1,519 m3 bolup, ilatyň 100 milliona ýetmegine garaşylýan 2030-njy ýylda 1100 m3-e çenli azalmagyna garaşylýar. Ol bolsa Türkiyäni suw taýdan garyp ýurtlaryň hataryna goşýar.

Şol sebäpli suwy tygşytly ulanmak üçin başgada ençeme möhüm taslamalary amala aşyrýar.

Türkiyäniň Döwlet Suw işleri edarasy ulanylýan suw potensialyny ýokarlandyrmak üçin bentler we howuzlar ýaly ammarlama desgalarynyň gurluşygyny tizleşdirýär. Häzirki wagtda desgalaryň ammarlama kuwwaty 186 milliard kub metrdir. 2025-nji ýyla çenli ýene 8 milliard kub metr goşmak maksat edinilýär.

Suw dolandyryş baş müdirligi hem suw stresine garşy göreşde işjeň rol oýnaýar. Içmek we ulanmak üçin suw howdanyny goramak meýilnamalaryndan başga-da, suw çeşmelerini dogry ulanmagy meýilleşdirmek, suwdan peýdalanýan pudaklaryň arasynda suwuň adalatly we deňagramly paýlaşylmagyny üpjün etmek we suwdan peýdalanmagyň artykmaçlygy üçin Pudaklaýyn suw paýlamak meýilnamalary hem taýýarlanýar.

Türkiyede 246 sany ýerasty bent gurulýar. Bu bentler 'Ýerasty suwlary doldurmak desgalary' diýip atlandyrylýar.

Şu güne çenli tamamlanan bentleriň sanynyň 150-e ýetendigi aýdylýar. Tamamlanan ýerasty bentler 36 müň dekar suwaryş suwy we 21 million kub gektometr agyz suwy bilen üpjün etdi.

Ýerasty bentlerde ýýygnalan suw ýeriň ýüzüne çykarylyp, zerur bolan halatynda ulanylyp bilinýär. Ýerastyndan deňize süýji suwuň biderek akmagynyň öňi alynýar. Süýji suw we duzly suw biri-biri bilen garyşmaýar we elbetde bugarmagyň öňi alynýar.

Ýene degişli makalalar

Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümi…
Nigeriýada Guralan Hüjümde 16 Adam Ýogaldy