Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogan bilen Raisiden terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berendigini ýazýar.

Erdogan terrora garşy göreş meselesinde “Ýurtlarymyzyň we sebitimiziň howpsuzlygyny nyşana alýan PKK/PÝD/ÝPG we PŽAK ýaly terror guramalaryna garşy özara hyzmatdaşlygymyzyň has-da güýçlendirilmeginiň ähmiýetini nygtadyk” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan: Astronawtlarymyz älem giňişligine gitmäge dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, älem giňişligine astronawt ugratmak bilen bu ugurda taryhy ädim ädendiklerine ünsi çekendigini belleýär.

Erdogan “älem giňişligine raketalar gitmäge dowam eder, uçar gämilerimiziň gurluşygy dowam eder. Sebäbi biz gury ýerde, deňizde, howada ähli ýerde iş alyp barýarys. Goranyş senagaty taýdan öňe gidişlik etmäge dowam ederis” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe, halkara älem giňişligi taslamalarynda rol alar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, älem giňişligi senagatyny ösdürmegi maksat edinýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Durmuşa geçiriljek taslamalar barada durup geçen Kajyr, “Ankarada älem giňişligi tehnalogiýasyny ösdürmek zolagyny gurarys. Halkara älem giňişligi taslamalarynda rol alarys” diýdi.

“Star” gazeti “Gezerawjynyň älem giňişligi ýolagçylygy dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Halkara emeli hemra bekedine giden üçünji gazak we dünýäniň 545-nji astronawty bolan Aýdyn Aýymbetowyň, ilkinji türk astronawty Alper Gezerawjynyň älem giňişligine gidendigi barada garaýyş beýan edendigini ýazýar.

Aýymbetow, “Türkiýäniň astronawtly älem giňişligi meýilnamasyna goşulmagy bu ugurda öňe gidişlik edendigini görkezýär. Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy
Britaniýada türki dildäki ilkinji Gurhan tapyldy