Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: 21 ýylda gazananlarymyz “Türkiýe asyrynyň infrastrukturasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň geçen 21 ýylda edilen demokratik we ykdysady başlangyçlary “Türkiýe asyrynyň” infrastrukturasy hökmünde görýändiklerini aýdandygyny ýazýar. Türkiýäniň ykdysadyýetini geçen 21 ýylda 3 esseden gowrak ösdürendiklerini, senagaty, oba hojalygyny, söwdany global bäsdeşlige taýýarlandyklaryny beýan eden Erdogan, şol üstünligiň geljekde-de dowam etjekdigini nygtady.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe maýadarlar üçin düşewintli we ynamdar ýurt” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiýäniň bäsleşikçi iş şertleri, özüne çekiji höweslendiriji maksatnamalary, durnukly maliýe infrastrukturasy we makreoykdysady deňagramlygy bilen maýadarlar üçin düşewintli we ynamdar salgylardan biridigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

Ministr Kajyr; “Türkiýäniň parlak geljegine ynanýan her bir telekeçi, maýa goýumlarynyň netijelerini almaga dowam eder” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “SIPER Türkiýäni 2024-nji ýylda başdan aýaga gorar” söz başyly habarynda, “Harby elektron senagaty” firmasynyň Baş müdiri Ahmet Akýoluň şu ýyl ýerli howa goranyş ulgamy “SIPER-iň” inwentara goşuljakdygyny aýdandygyny ýazýar. Akýol; “Döwletimiziň liderliginde başdan soň goranyş gatlaklaryny 2024-nji ýylda tamamlarys” diýdi.

“Star” gazeti “Somalili ministr: Türkiýe bilen aramyzdaky ylalaşyk taryhy” söz başyl habarynda, Somalinin Maglumatlar, medeniýet we syýahatçylyk ministri Daud Aweis Žamanyň ýurdy bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen “Goranyş we ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky çarçuwaly” ylalaşygyň uzak wagtdan bäri tassyklanmagyna garaşandyklaryny, onuň taryhy ähmiýete eýedigini mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk aşhanasynyň 25 naýbaşy tagamy saýlandy” söz başyly habarynda, türk aşhanasynyň baý tagamlary, köpgörnüşliligi we taryh boýy eýe bolan medeni mirasy bilen dünýäde ünsleri çekýändigini mälim edýär.

Onlaýn syýahatçylyk ýolbeledi “TasteAtlasyň” çap eden türk aşhanasynyň iň naýbaşylaryny kesgitlemek üçin geçirilen barlagyň netijeleri bolsa ünsleri çekiji.Sanaw türk aşhanasynyň iň bir özbolyşly, tagamly we halanýan 25 tagamyny özünde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler