Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Arkadag şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi.

“Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, Änew Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän medeniýetiniň möhüm ýadygärligi, şol bir wagtyň özünde türkmen hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky köp müňýyllyk dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýadydyr. Ýakynda Gahryman Arkadag Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň bezeglerindäki aždarha şekilleriniň Hytaýyň şekillendiriş sungaty bilen meňzeşdigini belledi we bu ylmy seljerme esasynda subut edildi.

Alymlaryň pikirine görä, munuň özi orta asyrlarda türkmen we hytaý ussatlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär.Munuň şeýle bolmagyna Beýik Ýüpek ýoly ýardam edipdir, çünki olar bu ýol boýunça özara saparlary amala aşyrypdyrlar hem-de tejribelerini paýlaşypdyrlar.

Şeýle hem diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Geçmişe göz aýlasak, türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleriniň taryhyň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp bolar” diýen jümlesini mysal getirdi.Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen “Kasam şertnamasy” diýen şertnama gol çekipdirler we ol iki halkyň ýakynlygyna şaýatlyk edýär.

Ilçi bular barada aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy