Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy

Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy

Türkmenistanyň Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezinde, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde Mukaddes Remezan aýynyň Gadyr gijesi mynasybetli anna güni täze metjitler açyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze açylan metjitleriň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň hususy kärhnalarynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda açylyp ulanylmaga berlen metjitlere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň welaýatlarynda açylan täze metjitlerde, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde şu ýylyň mart aýynyň ahyryna açylyp ulanylmaga berlen Seýit Jemaleddin metjidinde anna güni Gadyr gijesi mynasybetli agzaçar sadakasy berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady