“Abraýly dostlar” polipropilenden ýüplügiň we ýüpleriň täze görnüşlerini öndürip başlady

“Abraýly dostlar” polipropilenden ýüplügiň we ýüpleriň täze görnüşlerini öndürip başlady

Polipropilenden multifilament ýüplükleri öndürýän “Abraýly dostlar” hususy kärhanasy golaýda polipropilenden multifilament teksturirlenen ýüplük, tow berilen we tehniki ýüpleri öndürip başlady.

“Polyyarn” haryt nyşany bilen öndürilýän täze, teksturirlenen ýüplük hojalyk mebel önümçiliginde giňden ulanylýar. Bu barada kompaniýanyň dolandyryjysy “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada ýüplükler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan öndürilýär.

“Abraýly dostlar” kärhanasy Italiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 2400 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Bu kärhanada öndürilýän önümler häzirki wagtda Italiýa, Özbegistana, Türkiýä, Belarus Respublikalaryna, Niderlandlar Patyşalygyna, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Wenesuela eksport edilýär. Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport etmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
TNGIZT-de täze önümçilik ýola goýuldy
Abadan haly Aşgabatda geçirilen sergä täze önümlerini hödürledi
Türkmen polipropileniniň eksport bahasy rekord derejä ýetdi: $1,775