ABŞ aýlag ýurtlary bilen birlikde Katarda harby türgenleşik geçirdi

ABŞ aýlag ýurtlary bilen birlikde Katarda harby türgenleşik geçirdi

Kataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ABŞ bilen Aýlag sebitindäki ýurtlaryň gatnaşmagynda Kataryň ýer eýeçiliginde geçirlen harby türgenleşik çarşenbe güni üstünlikli ýagdaýda tamamlandy.

Katar habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň howpsuzlygy-4 hökmünde bilinýän türgenleşige Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar gatnaşdy.

Türgenleşige Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen birlikde ABŞ-nyň ýörite desant topary hem gatnaşdy.

Türgenleşigiň ýapylyş dabarasyna türgenleşige gatnaşýan ýurtlaryň içeri işler ministrleri bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar hem gatnaşdy.

Türgenleşigiň çäginde 260 sagatlyk harby tälim berildi.

Türgeneleşigiň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň artýan döwründe geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistan ylalaşyga goldaw beren Türkiýe bilen birlikde beýleki ýaranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Türkiýäniň we Kataryň Goranmak ministri Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy