Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar

Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar

Pakistanyň Daşary işler ministrligi, Premýer-ministr Şahbaz Şerifiň, ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçirilmegine garaşylýan ikinji tapgyr gepleşikleriň öňüsyrasynda Saud Arabystanynda, Katarda we Türkiýede saparda boljakdygyny habar berdi.

Daşary işler ministrliginden çarşenbe güni berlen beýannamada “Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şerif 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 15-18-i aralygynda Saud Arabystan Şalygyna, Katar Döwletine we Türkiýe Respublikasyna resmi sapar gurar” diýildi.

Premýer-ministr Şerifiň Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşjakdygy, Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde sammite gatnaşjak beýleki liderler bilen özara duşuşyklar geçirjekdigi nygtaldy.

Waşington bilen Tähran, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmegi bilen başlan we 6 hepdeden gowrak dowam eden söweşiň bes edilmegi maksady bilen hepdäniň ahyrynda Yslamabatda birnäçe ýyl soň ilkinji gezek özara duşuşyk geçirdi.

Eýranyň ar almak maksady bilen Saud Arabystany we Katar bilen birlikde ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby bazalaryna ýer eýeçiligini edýän ýurtlara hüjüm guramagy energiýa eksportyny bökdedi.

Yslamabat gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sişenbe güni gepleşikleriň bu hepde Yslamabatda gaýtadan başlap biljekdigini aýtdy.

Pakistanyň Premýer-miistri Şerife goňşy ýurtlara gurajak saparynyň çäginde ABŞ-Eýran gepleşiklerine töwellaçylyk edýän Daşary işler ministri Ishak Dar bilen birlikde beýleki ýokary derejeli resmiler ýoldaşlyk eder.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Stambulda türk, pakistanly we arap diplomatlarynyň gatnaşmagynda ABŞ-Eýran gepleşikleri geçiriler
Dünýä liderleri 5-nji Antalýa Diplomatiýa Forumy üçin Türkiyä ýygnanarlar
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy