ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy

ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habara görä, ABŞ bilen Hytaý çarşenbe güni Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seuda ýapyk gapylaryň aňyrsynda özara söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň duşuşynyň öňüsyrasynda geçirlen maslahatda duşuşyk üçin görülýän taýarlyklar hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahata ABŞ-nyň Gazna ministri Skott Bessen bilen Hytaýyň Wise-premýeri He Lifenf ýolbaşçylyk etdi.

“Ýonhap Nýusyň” berýän habaryna görä, maslahat Halkara Incheon howa menzilinde geçirildi.

Maslahat üçin howa menzilinde berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Iki ýurduň wekilleri penşenbe güni Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilmegine garaşylýan Tramp-Szinpin duşuşygy üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşdy.

ABŞ-nyň Gaza ministriniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Men tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Skott Bessen soň bolsa Trampyň Hytaýa gurajak saparyna ýoldaşlyk etmek üçin Pekine gider.

Ýene degişli makalalar

Tramp öz administrasiýasyny döredýär
ABŞ, Eýran gepleşikçileri atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmak hakda deslapky ylalaşyga geldi, Trampyň tassyklamagyna garaşylýar: Habarlar
ABŞ Wenesuela garşy täze sanksiýalary girizdi
Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi
Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar
Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär