ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär

ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär

Meksikanyň deňiz güýçleriniň ABŞ bilen utgaşykly ýagdaýda Ýuwaş ummanynda geçiren giň gerimli operasiýasynyň çäginde birnäçe tonna kokainiň ele geçirlendigi habar berildi.

ABŞ bilen Meksika iki ýruduň arasyndaky dartgynlyga garamazdan neşe maddalaryna garşy utgaşykly operasiýa geçirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, milli howpsuzlygyna wehim abanýandygy sebäpli meksikaly neşe kartellerine garşy herekete geçjekdiklerini mälim edipdi.

Meksikanyň Deňiz güýçleri tarapyndan çarşenbe güni berlen beýannamada, Kolima sebitindäki Manzanille şäherinden 1100 kilometr alysda ýerleşýän Klarion adasynyň golaýynda bir gämide birnäçe tonnalyk kokainiň tapylandygy habar berildi.

Tramp neşe kartelleriniň tussag edilmegi üçin Meksika basyş edýardi. ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Meksika goşmaça gümrük salgydynyň girizilmegi bilen hemle atypdy.

Tramyň adminstrasiýasy çarşenbe güni beren beýannamasynda, Meksika kartellerine degişli dronlaryň Tahasdaky howa menziliniň wagtlaýyn ýapylmagyna sebäp bolandygyny mälim edipdi.

Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum bolsa serhetde kartellere degişli dronlara gabat gelinmändigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Meksika we Kanada ABŞ-nyň gümrük salgydy söweşine gaýtawul görkezer
“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi
Meksikada 1400 ýyllyk aramgäh tapyldy
Çiliniň öňki Prezidenti Baçelet BMG-niň Baş sekretarlygyna hödürlendi
Ranieri ýene-de “Premier ligada”