ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi

ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi

Amerikada dünýäde iň gymmat robot-gumanoidi döretdiler diýip, 24KZ habar berýär. Onuň bahasy 2,5 milliard dollara deň.

Adampisint maşynyň aýratyn taraplarynyň biri öýde hysyrdyly işleri ýerine ýetirmäge we ýöremäge mümkinçilik berýän, çeýe hereket edýän bogunlarydyr.

Mysal üçin, akylly enjam öýi arassalamaga we gap-gaçlary ýerleşdirmäge ukyplydyr. Oňa emeli aňyň öňdebaryjy mümkinçilikleri ornaşdyryldy, netijede, enjam sesleri, şekilleri we ýazgyny tanamagy başarýar. Ol şeýle-de pikirlenýär, wakalary ýatda saklaýar hem-de adamlar bilen gepleşýär.

Geljekde robot-gumanoid işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözer diýip, döredijiler belleýärler. Täze tapyndy üçin eýýäm Microsoft we Open AI kompaniýalary maýa goýmaga isleg bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Täze rekord goýdy
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
60 milliard dollar maýa goýmakçy
Bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar
Saparmyrat Atabaýew Karshi Open 2026 atly küşt ýaryşynyň bürünç medala mynasyp boldy
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy