ABŞ-daky sil apatynda we ýagyşlarda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

ABŞ-daky sil apatynda we ýagyşlarda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Kentukki ştatynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlarda we şol sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 37 adama ýetdi.

Resmiler ýüzlerçe adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdiler.

Ştatyň gubernatory Endi Beşir sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini aýan etdi.

Ýurduň iň garyp sebitleriniň birine ýaramaz täsir ýetiren ýagyşyň suwunyň 30 sm-den hem geçendigini aýdan Beşir, güýçli ýeliň bolsa beýleki howplara sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň Milli Gwardiýasynyň serkerdesi Daniel Hokanson takmynan 400 adamyň dikuçarlar bilen halas edilendigini, sebitde 18 müň adama elektrik togunyň berilip bilinmeýändigini, azyndan 300 adamyň wagtlaýyn çadyrlara sygynandygyny aýan etdi.

Sebitdäki köprüler we ýüzlerçe öý suwuň aşagynda galdy.

Kaliforniýa ştatynda anna gününden bäri dowam edýän tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän sebitde ýanan bir ulagyň içinde 2 adamyň jesediniň tapylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Kentukkide sil joşmasyndan 37 adam heläk boldy
ABŞ-daky sil apatynda ýogalanlaryň sany 25 adama ýetdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-daky tornado betbagtçylygy sebäpli Baýdene gynanç bildirdi
Uçarmanlar Kentukkidäki güýçli tüweleýiň döreýşini surata düşürdiler
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal