Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.

Bu taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy hem-de “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berlen toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?
Awaza sagdynlygyň mekany
Awazada täze Rowaç kottejler toplumy ulanmaga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Rowaç kottejler toplumyny açdy
Awazada Rowaç kottejler toplumy açyldy
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal