ABŞ Eýrana degişli dronlary hatardan çykarandygyny mälim etdi

ABŞ Eýrana degişli dronlary hatardan çykarandygyny mälim etdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM-yň sosial media arkaly beren habarnamasynda “Eýran Ormuz bogazyndan geçen söwda gämilerine dron hüjümini guramaga synanşdy. Amerikan güýçleri bogazdaky gämi gatnawynyň bökdelmegine rugsat bermedi we Eýrana degişli dronlary urup düşürdi” diýildi.

CENCOM-dan berlen beýannamada “Halkara söwda geçelgesi açyk bolmagynda galýar” diýildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, düýn Eýran bilen ylalaşyk gazanmagyň bosagasyna çenli gelnendigini we ylalaşyk tekstine soňky düzedişleriň girizilýändigini mälim edipdi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif hem ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşiklerde öňe gidişligiň edilendigini aýan edipdi.

Waşington bilen Tähranyň arasynda ylalaşyk gazanylmagy üçin edilýän diplomatik tagallalara garamazdan sebitde harby dartgynlyk dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
Putin Trampy ABŞ-nyň garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar