ABŞ Eýrana garşy täze hüjüm başlatdy

ABŞ Eýrana garşy täze hüjüm başlatdy

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM, Eýranyň Ormuz bogazyndan geçen üç söwda gämisine hüjüm guramagyndan soň Eýrana garşy hüjüm başladandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi, halkara suw giňişliginde asuda ilatdan ybarat ekipaža hüjüm edilendigi sebäpli degişli gaýtawulyň görkezilmegi maksady bilen täze hüjüm başlatdy” diýildi.

ABŞ-nyň harby goşuny soňky habarnamasynda bolsa Eýranda 80 ýeriň nyşana alynandygyny mälim etdi.

Hüjümlerde Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli 60-dan gowrak kiçi gämä hüjüm guralandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Eýranly harbylar, Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämileri we nebit tankerleri üçin ýeke-täk howpsuz ýoluň Tähran tarapyndan kesgitlenen ýoldygyny aýan etdi we strategiýa taýdan uly rol oýnaýan bu suw ýoluna ABŞ tarapyndan hüjüm guralmagyna rugsat berilmejekdigine ünsi çekdi.

Dartgynlyk möwjeýär

Katar Ormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň Katara degişli gämini nyşana almagyny ýazgardy we Tährana energiýa üpjünçiligine wehim salmakdan ýüz öwürmegi üçin çagyryş etdi.

Axiosyň Amerikaly iki resmä esaslanýan habaryna görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň duşenbe güni Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämilerine azyndan iki raketa atdy.

Amerikaly resmiler hüjümde adam pidasynyň çekilmändigini aýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Eýran ABŞ-nyň Kuweýtdäki we Bahreýndäki harby merkezlerine hüjüm gurady
ABŞ-nyň Eýranyň Çabahar portuna guran hüjüminde Harby-deňiz güýçleriniň gözegçilik diňi weýran boldy
Eýranyň Kuweýdiň halkara howa menziline guran hüjümi uçar saparlarynyň bökdelmegine sebäp boldy
Tramp Eýrandaky harby operasiýalaryň azaldylmagynyň ähtimaldygyny aýtdy
Ysraýyl Gazada ýene-de 4 palestinlini öldürdi