ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen Grmaniýanyň Mýunhen şäherinde Üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjanyň Prezident Diwanyndan berilen beýannama görä, Blinken, Aliýew we Paşinýan Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde duşuşyk geçirdiler.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Geňeşçisi Hikmet Hajyýew, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan we Ermenistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Armen Grigorýanyň hem gatnaşan duşuşygyň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
Ermenistan Azerbaýjan Bilen Gepleşikleri Dowam Etdirer
Ermenistanda ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edildi
Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy
Erdogan Türkmen Gazynyň Günbataryň Bazaryna Akdyrylmaga Başlanmalydygyny Beýan Etdi