Ermenistan Azerbaýjan Bilen Gepleşikleri Dowam Etdirer

Ermenistan Azerbaýjan Bilen Gepleşikleri Dowam Etdirer

Beýannamada ministr Ararat Mizoýan bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçiren maslahatynda iki ýurduň arasynda gol çekişiljek ýaraşyk ylalaşygynyň taslama tekstiniň üstünde işlenendigi mälim edildi.

Beýannamada; “Ministrler we wekiliýetler “Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylygyň we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda özara ylalaşyk taslamasynyň hökümleri boýunça garaýyşlary seljerdi. Açyk meselelerde gepleşikleriň dowam etmegi boýunça ylalaşylandygy bellenildi” diýilýär.

Maslahatyň çäginde ministrleriň Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bilen özara we üçtaraplaýyn gepleşikler hem geçirendigi beýan edildi.

Germaniýada geçirilen 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde duşuşan Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň beren görkezmelerine laýyklykda Baýramow bilen Mirzoýanyň fewral aýynyň 28-29-y aralygynda duşuşmagy boýunça ylalaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşar
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Azerbaýjan Ermenistan Bilen Parahatçylygy Ýola Goýmak Isleýär
Lufthansanyň Işgärleri Iş Taşlaýyş Yglan Etdi
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Moskwada Duşuşar