Uçaryň ýerine otlular geçýär

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda otly syýahaty ýylsaýyn artýar. Ýokary tizlikli otly ýollarynyň ýaýrawynyň giňelmegi bilen gysga aralyga gatnaýan uçar gatnawlarynyň käbiri ýatyryldy.Täze maksatnama görä bolsa, 2040-njy ýyla çenli has köp baglanyşygy bolan ýokary tizlikli otly ýollary gurlar. Şeýlelikde, şäherara gatnawda ulag ýa-da uçaryň deregine has köp otludan peýdalanylar.

Berlin-Kopengagen, Madrid-Lissabon, Tallin-Riga, Riga-Wilnýus, Berlin-Praga-Wena, Sofýa-Afiny, Budapeşt-Buharest, Madrid-Pariž, Mýunhen-Rim ýaly aralyklarda has ýokary tizlikli otly gatnawy ýola goýlar.

Brýussel sebitde ýokary tizlikli demir ýol toruny kämilleşdirmek üçin 345 milliard ýewro maýa goýar.

Bekirgylyç KALANDAROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
Dünýäniň iň gowy şäherleri
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal