Dünýäniň iň gowy şäherleri

Resonance Consultancy maslahat beriş kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaşamak, syýahat etmek we maýa goýmak üçin iň gowy şäherleriň sanawyny mälim etdi.Her ýyl ýaýradylýan World’s Best Cities atly sanaw taýýarlananda, howanyň arassalygy, ýöremek üçin ýodalar, saglygy goraýyş ulgamy, şäherdäki gezelenç edip bolýan ýerleriň, iri kompaniýalaryň sany, iş ekoulgamy ýaly görkezijilere baha berilýär.

Bilermenler ilaty 1 milliondan geçýän 270-den gowrak şäheri seljeripdirler.Sanawda Ýewropa şäherleri agdyklyk edýän hem bolsa, soňky ýyllarda Aziýadaky şäherleriň sany hem artýar.London (Beýik Britaniýa), Nýu-Ýork (ABŞ), Pariž (Fransiýa), Tokio (Ýaponiýa) we Madrid (Ispaniýa) öňdäki bäşlige giripdir.

Ilkinji onlugy Singapur (Singapur), Rim (Italiýa), Dubaý (BAE), Berlin (Germaniýa) we Barselona (Ispaniýa) jemläpdir.

Mähri Hemraýewa,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi, Türkmenistan we BMG özara hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdiler, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde degişli 37 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
London öňdeligi eýeledi
2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy