ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Özbegistanda Saparda Bolýar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Özbegistanda Saparda Bolýar

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýar Saidow Daşkentde saparda bolýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Saidow duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Blinken bilen bolan duşuşygynda işewürler üçin amatly şertiň döredilmegi, Orta Aziýada howpsyzlygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmegi we beýleki ugurlarda edilýän tagallalaryň birleşdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

Saidow mundan başgada Amerikan hökümetiniň Özbegistanyň Prezidentiniň reforma etabyna berýän goldawyna kanagatlanma bildirýändiklerini we duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynanýandygyny belledi.

Amerikan hökümetiniň resmi internet saýtynda berlen beýannama görä, Saidow Balinkeniň ýurduna guraýan ilkinji saparyndan hoşaldyklaryny we saparyň özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Özbegistanda saparda bolmakdan hoşaldygyny nygtan Blinken hem düýn Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen Orta Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde möhüm duşuşyklar geçirendigini ýatlatdy.

Blinken mundan başgada ýurdy bilen Özbegistanyň arasynda gün saýyn pugtalanýan hyzmatdaşlyga we özbek hökümetiniň reforma etabyna kanagatlanma bildirýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Özbek-Gazak Gatnaşyklary Pugtalanýar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň täze ilçisi Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Aşgabatda Özbegistanyň daşary işler ministri kabul edildi
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşkdentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi