Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar

Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn iş sapary bilen Özbegistana gitdi.

Türk resmi wekiliýeti paýtagt Daşkentde Daşary işler ministri Bahtiýar Saidow bilen duşuşdy.

Hakan Fidan duşuşykda Özbegistanyň ikinji watanlarydygyny nygtady.

Iýun aýynda Ankarada geçirlen Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahatynyň taryhy öwrülşik nokady bolandygyna ünsi çeken Fidan, iki ýurduň liderleriniň Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary taýdan möhüm kararlar kabul edendigini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Fidan, şu gün Daşkende Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn bilen birlikde möhüm sapar guraýandyklaryny nygtap, iýun aýynda liderleriň kabul eden kararlaryny durmuşa geçirmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Eýranyň daşary işler ministri möhüm gepleşikler üçin anna güni Türkiyä sapar gurar
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Hakan Fidan: Türkiye Eýranda raýat urşuny öjükdirjek islendik meýilnama garşydyr
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar