Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýa guran resmi saparynyň çäginde Prezident Wladimir Putin tarapyndan kabul edildi.

Türkiyäniň diplomatik çeşmeleriniň maglumatyna görä, Putin Fidany Russiýanyň Kazan şäherinde kabul etdi.

Duşuşyga Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we prezidentiň geňeşçisi Ýuriý Uşakow hem gatnaşdylar.

Kreml duşuşygyň açylyş çykyşynyň ýazgysyny çap etdi we onda Putiniň Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky "durnukly ýagdaýda özgerýän" gatnaşyklary nygtap, muňa uly kanagatlanma bildirendigi aýdylýar.

Putin öz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpden bäri diňe resmi däldigini we her gün täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hakyky dostlukly häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Fidan hem Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny Putine ýetirip: "Sebitimizde we dünýäde örän möhüm wakalar bolup geçýär. Käbir meseleler boýunça siziň garaýyşlaryňyz möhümdir. Ara alyp maslahatlaşmaly köp temalarymyz bar. Soňky iki günüň dowamynda kärdeşlerimiz bilen örän intensiw duşuşyklar geçirdik we köp meseleler boýunça jikme-jik pikir alyşmalarymyz boldy" diýdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Fidan Russiýada saparda bolar
Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"